25
ýyl
Baky Bitarap Türkmenistana
muzeý hakynda
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY WE
ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi 1968-nji ýylda Mary taryhy-rewolýusion muzeýi ady bilen döredildi. Onuň ilkinji ekspozisiýasy 1974-nji ýylda açyldy. 1986-njy ýylda Mary muzeýine Baýramaly şäheriniň we Baýramaly ýag kärhanasynyň taryhy muzeýi, Türkmengala etrabyndaky Taryhy muzeý, Murgap etrabyndaky Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyhyň edebi-memorial muzeýi we Baýramaly etrabyndaky Taryhy-arheologik muzeýi (Güljemal hanyň mülki) goşulyp, ol birleşen muzeý boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2010-njy ýylda muzeý üçin ajaýyp bina salyndy. Onuň umumy meýdany 10 müň inedördül metr bolup, ondan 4 müňi ekspozisiýalar üçin niýetlenen. 2010-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gürbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda muzeýiň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Muzeýiň ekspozisiýalary we sergi zallary binanyň birinji we ikinji gatlarynda ýerleşýär. Bu ýerde arheologiýa, etnografiýa, şekillendiriş sungaty, tebigat ekspozisiýalary, Galkyşyş zaly we wagtlaýyn sergi zallary hereket edýär. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ýygyndylaryndaky eksponatlaryň köpüsi örän seýrekdir. Soňky ýyllaryň dowamynda Mary welaýatynyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde arheologlaryň ýüze çykaran tapyndylary ylmy we medeni taýdan örän ähmiýetlidir.

muzeýiň taryhy
1998
1998-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda öň hereket eden “Türkmenistanyň Taryh we etnografiýa” muzeýi hem-de “Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty” muzeýi birikdirilip Türkmenistanyň Milli muzeýi döredildi.
1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda “Türkmenistanyň Milli muzeýiniň” dabaraly açylyşy boldy.
2007
“Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň” hem-de “Türkmenistanyň etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň” gurluşygy başlandy.
“Türkmenistanyň etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň” gurluşygy başlandy.
2009
14-nji maýynda “Türkmenistanyň Milli muzeýine” “Türkmenistanyň Baş milli muzeýi” diýen at dakyldy.
18-nji maýynda “Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň” “Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň”, şol ýylyň 29-njy iýunynda bolsa “Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň” dabaraly açylyşy boldy.
2013
Aprel aýynyň 25-ne Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi diýlip, şeýle-de “Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň” ady üýtgedilip, täze döredilen merkeziň düzümine girizildi we ol “Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi” diýlip atlandyryldy.
Muzeýiň umumy meýdany 165323,21 m². Merkezi binasynyň birinji gatynda Garaşsyzlyk bölümi, türkmen halysyna bagyşlanan we wagtlaýyn sergi bölümleri; ikinji gatynda Gadymy döwür taryhy, Marguş, Parfiýa we iki sany Orta asyrlaryň taryhyna degişli bölümler ýerleşdirilendir.
Wirtual syýahat hakynda
Wirtual syýahatyň aýratynlyklary
24/7 elýeter
Gije-gündiz internete birigip islendik ýerden wirtual syýahat etmek mümkinçiligi
Tölegsiz
Wirtual syýahat üçin petek gerek däldir, gezelenç etmek - mugt. Internete bagly kompýuter ýa-da ykjam telefon ýeterlikdir.
Döwrebap
Muzeýde wirtual gezelenç etmek bu – dünýäde giňden peýdalanýan tejribedir.