25
ýyl
Baky Bitarap Türkmenistana
muzeý hakynda
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET
MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI

1998-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda öň hereket eden “Türkmenistanyň Taryh we etnografiýa” muzeýi hem-de “Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty” muzeýi birikdirilip Türkmenistanyň Milli muzeýi döredildi. 1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda “Türkmenistanyň Milli muzeýiniň” dabaraly açylyşy boldy.

Muzeýiň umumy meýdany 165323,21 m². Merkezi binasynyň birinji gatynda Garaşsyzlyk bölümi, türkmen halysyna bagyşlanan we wagtlaýyn sergi bölümleri; ikinji gatynda Gadymy döwür taryhy, Marguş, Parfiýa we iki sany Orta asyrlaryň taryhyna degişli bölümler ýerleşdirilendir.

muzeýiň taryhy
1998
1998-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda öň hereket eden “Türkmenistanyň Taryh we etnografiýa” muzeýi hem-de “Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty” muzeýi birikdirilip Türkmenistanyň Milli muzeýi döredildi.
1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda “Türkmenistanyň Milli muzeýiniň” dabaraly açylyşy boldy.
2007
“Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň” hem-de “Türkmenistanyň etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň” gurluşygy başlandy.
“Türkmenistanyň etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň” gurluşygy başlandy.
2009
14-nji maýynda “Türkmenistanyň Milli muzeýine” “Türkmenistanyň Baş milli muzeýi” diýen at dakyldy.
18-nji maýynda “Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň” “Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň”, şol ýylyň 29-njy iýunynda bolsa “Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň” dabaraly açylyşy boldy.
2013
Aprel aýynyň 25-ne Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi diýlip, şeýle-de “Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň” ady üýtgedilip, täze döredilen merkeziň düzümine girizildi we ol “Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi” diýlip atlandyryldy.
Muzeýiň umumy meýdany 165323,21 m². Merkezi binasynyň birinji gatynda Garaşsyzlyk bölümi, türkmen halysyna bagyşlanan we wagtlaýyn sergi bölümleri; ikinji gatynda Gadymy döwür taryhy, Marguş, Parfiýa we iki sany Orta asyrlaryň taryhyna degişli bölümler ýerleşdirilendir.
Wirtual syýahat hakynda
Wirtual syýahatyň aýratynlyklary
24/7 elýeter
Gije-gündiz internete birigip islendik ýerden wirtual syýahat etmek mümkinçiligi
Tölegsiz
Wirtual syýahat üçin petek gerek däldir, gezelenç etmek - mugt. Internete bagly kompýuter ýa-da ykjam telefon ýeterlikdir.
Döwrebap
Muzeýde wirtual gezelenç etmek bu – dünýäde giňden peýdalanýan tejribedir.