30
ýyl
Baky Bitarap Türkmenistana
muzeý hakynda
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY WE
ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 31-nji iýulynda çykaran 10556 belgili Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň täze binasy guruldy we bina 2011-nji ýylyň 20-nji iýunynda dabaraly açyldy. Muzeý 3 gatdan ybarat bolup, onda sergi zallarynyň 6-sy bar. Daşoguz welaýatynyň taryhy ýadygärliklerinden tapylan tapyndylary bir ýere jemlemek, olary gorap saklamak we rejeleýiş işlerini geçirmek üçin häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän gaznahanalar, çeper-rejeleýiş we dikeldiş ussahanalary, mahabatlandyryş-neşir işleri üçin enjamlaşdyrylan otag, barlaghana bar. Muzeýde sergiler guralyp, dürli temalar we ugurlar boýunça duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Munuň üçin muzeý abzallaşdyrylan wagtlaýyn sergi we mejlisler zaly bilen üpjün edilen.

Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi – bu biziň ýurdumyzyň medeni ösüşleriniňtýaryhyna altyn harplar bilen ýazylýan ýene bir sahypa boldy. Muzeýiň Garaşsyzlyk zaly, Tebigat, Şekillendiriş sungaty, Taryh, Etnografiýa bölümleri we wagtlaýyn sergiler zaly bar. Muzeý ekspozisiýasynda bagtyýarlyk döwründe Daşoguz welaýatynyň ykdysady we medeni ösüşi baradaky maglumatlar, welaýatyň taryhy ýerlerinden tapylan muzeý gymmatlyklary, maddy we ruhy gymmatlyklar, tebigata degişli gymmatlyklar, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň seýrek nusgalary jemlenendir. Muzeýiň ekspozisiýa meýdany 2451,8 inedördül metre deň. Daşoguz welaýatyndaTürkmenistanyň Medeniýet ministrligiň garamagyna degişli jemi 8 sany döwlet muzeýi bar. Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň iş wagty: hepdäniň ähli iş günleri:sagat 09.00–18.00. sişenbe güni ekspozisiýa ýapyk bolýar.

Wirtual syýahat hakynda
Wirtual syýahatyň aýratynlyklary
24/7 elýeter
Gije-gündiz internete birigip islendik ýerden wirtual syýahat etmek mümkinçiligi
Tölegsiz
Wirtual syýahat üçin petek gerek däldir, gezelenç etmek - mugt. Internete bagly kompýuter ýa-da ykjam telefon ýeterlikdir.
Döwrebap
Muzeýde wirtual gezelenç etmek bu – dünýäde giňden peýdalanýan tejribedir.