Baky Bitarap Türkmenistana
ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni owreniş muzeýi 1968-nji ýylda Mary taryhy-rewolýusion muzeýi ady bilen döredildi. Onuň ilkinji ekspozisiýasy 1974-nji ýylda açyldy. 1986-njy ýylda Mary muzeýine Baýramaly şäherinin we Baýramaly ýag kärhanasynyň taryhy muzeýi, Türkmengala etrabyndaky Taryhy muzeý, Murgap etrabyndaky Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyhyň edebi-memorial muzeýi we Baýramaly etrabyndaky Taryhy-arheologik muzeýi (Güljemal hanyň mülki) goşulyp, ol birlesen muzeý boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2010-njy yylda muzey üçin ajaýyp bina salyndy. Onun umumy meýdany 10 müň inedördül metr bolup, ondan 4 müňi ekspozisiýalar üçin niýetlenen. 2010-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda muzeýiň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Muzeýin ekspozisiýalary we sergi zallary binanyň birinji we ikinji gatlarynda ýerleşýär. Bu ýerde arheologiýa, etnografiýa, şekillendiriş sungaty, tebigat ekspozisiýalary, Galkynyş zaly we wagtlaýyn sergi zallary hereket edýär. Mary welaýatynyn taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ýygyndylaryndaky eksponatlaryn köpüsi örän seýrekdir. Sonky ýyllaryň dowamynda Mary welaýatynyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde arheologlaryn ýüze çykaran tapyndylary ylmy we medeni taýdan örän ähmiýetlidir.